Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Maliýe-ykdysady düzümleriň ýolbaşçylary gulluklaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Ykdysadyýet
Maliýe-ykdysady düzümleriň ýolbaşçylary gulluklaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 27.02.2017
1687

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň iş maslahatyna ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, maliýe we salgyt düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulmagy onuň Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy hem-de ýurdumyzyň durnukly ösmegi üçin zerur şertdigi bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgamyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge uly üns bermegiň zerurdygy baradaky görkezmelerinden ugur alyp, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda üsti bilen öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini bellediler. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän diňe bir döwlet ähmiýetli däl, eýsem, halkara ähmiýetli möhüm taslamalar bilen baglylykda welaýatlaryň durmuş-ykdysda taýdan işjeň ösüşi bilen baglanyşykly çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ""Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda"" göz öňünde tutulan ähli işleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow