Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär
Ykdysadyýet
2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär
Çap edildi 03.03.2017
2716

2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösmegini dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri geçen iki aýyň dowamynda jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Oba hojalygynda ösüş depgini 7,8 göterim, söwdada 16,9 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 14,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna deň bolan desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň köpüsy durmuş maksatly desgalardyr. 17 milliard dollara golaý işleri ýurdumyzyň guluşyk-gurnama edaralary alyp barýarlar, munuň özi geçen ýyldakydan 20 göterim artykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Iki aýyň jemleri boýunça bölek-söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haky 9,6 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2,8 milliard manada we çykdajy bölegi 2,7 milliard manada deň boldy. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 3,9 milliard manada deň boldy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow