Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” kompaniýasyna Amyderýanyň üstünden köprüleri gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” kompaniýasyna Amyderýanyň üstünden köprüleri gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi
Çap edildi 07.03.2017
1775

Türkmenabat şäherinde iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat topary” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz ulag düzüminiň möhüm desgalarynyň -- Amyderýanyň üstünden çekilen Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurluşygy ynanylan ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanyň degişli tejribä, innowasion işläp taýýarlamalara, önümçilik kuwwatyna eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Şunda gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek we möhletlerini berk berjaý etmek babatda bildirilýän talaplary birkemsiz ýerine ýetirýän kompaniýalara artykmaçlyk berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amala aşyrylan taslamalaryň aýratyn ähmiýetini belläp, ulag pudagynyň häzirki zaman ösen düzüminiň döredilmeginiň ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmeginiň, amala aşyrylýan halkara gatnawlarynyň möçberlerini giňeltmegiň, sebitiň ýurtlary, ilkinji nobatda, iň ýakyn goňşular bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Amyderýanyň sag we çep kenarlarynyň arasynda ygtybarly awtomobil hem-de demir ýol gatnawlaryny üpjün etmek şol düzümiň möhüm bölegi bolup durýar. Işewür bildirilen ýokary ynam we işde berlen goldaw üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ukrain gurluşyk konserniniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň kuwwatyny has-da artdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan iri möçberli taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşmaga hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady. Duşuşygyň barşynda bilelikde işlemegiň ägirt uly tejribesini hem-de milli Liderimiziň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny nazara almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap W.Şewalýow gatnaşdy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow