Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýa üçin hünärmenler öňdebaryjy tejribä laýyklykda taýýarlanylar
Ykdysadyýet
Utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýa üçin hünärmenler öňdebaryjy tejribä laýyklykda taýýarlanylar
Çap edildi 10.03.2017
1940

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleri okatmak boýunça meýilnama işlenilip düzüldi. Şol hünärmenler Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurulýan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynda işlärler. Şeýle hem şol hünärmenler bu ugurda öňdebaryjy tejribe we gazanylanlar bilen tanyşmak maksadynda Ýewropanyň ösen ýurtlaryna iberiler. Şu ýylyň fewralynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň wekiliýeti Fransiýada, Şweýsariýada we Italiýada iş saparynda boldular. Topar agzalary gaz turbinalaryny öndürýän zawodyna we okuw merkezine baryp, turbinalaryň öndüriliş tehnologiýasy, işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem gaz turbinalarynyň pilçelerini, gaz turbinalaryny we generatorlaryň rotorlaryny öndürýän we abatlaýan zawodlara, utgaşykly dolanyşykda işleýän-Türkmenistanda ilkinji gezek gurulýan “Mary-3” elektrik stansiýasyna meňzeş elektrik stansiýasyna baryp gördüler. Talyplary we hünärmenleri täze gurulýan stansiýada işlemäge taýýarlamak üçin düzülen okuw meýilnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow