Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Kataryň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşýarlar
Ykdysadyýet
Kataryň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşýarlar
Çap edildi 14.03.2017
1780

Şu gün Dohada açylýan türkme-katar işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara hereket etmek üçin geljegi uly taslamalar görkeziler. Garamaga girizilen meseleleriň hatarynda Türkmenistanyň dokma senagatynyň artýan ekport mümkinçilikleri baradaky mesele bar. Häzirki wagtda Dokma senagaty ministrliginiň düzümindäki kärhanalaryň 70-den gowragy öz önümlerini 30-dan gowrak ýurda – Ýewropa, ABŞ-a, Kanada, Russiýa, Türkiýä we beýlekilere iberýär. Pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy ýokary hilli önümleriň görnüşlerini, eksportuň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Himiýa senagatyny – milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ugruny ösdürmek babatda hem Türkmenistanyň uly meýilleri bar. Ýerli çig malyň esasynda tehniki ýod, brom we brom önümlerini, kaustik soda, hlor we hlor önümlerini çykarmak boýunça önümçilikleri döretmegiň iri taslamalary durmuşa geçiriler.Şu işleriň hatarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý duzlarynyň känlerini we beýleki mineral çig mallary gaýtadan işlemek boýunça ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygy bar. Gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmek maksady bilen, bazalt süýüminden, sement zawodyndan, aýna we aýna önümlerini, keramiki kerpiçleri, sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça kärhanalardan kompozit serişdeleri öndürjek kärhanalary döretmek maksat edinilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanda elektron senagatynyň ösdürilmegine, durmuş tehnikalarynyň, oba hojalyk enjamlarynyň önümçilikleriniň ýola goýulmagyna girişildi. Oba hojalyk pudagynyň hem eksport mümkinçilikleri ýokarlanýar -- Türkmenistan bugdaýy, gök, bakja we pagta önümlerini, ösümlik ýagyny we mal iýmini eksport edýär. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär. Derman senagaty ösdürilýär, Türkmenistanda öndürilýän derman serişdeleriniň we lukmançylyk ähmiýetli önümleriň onlarça görnüşiniň ekporty ýola goýuldy. Ýerli çig malyň we dermanlyk ösümlikleriň esasynda derman önümçiligini giňeltmek, buýan kökünden we beýlekilerden derman serişdelerini eksport etmek boýunça taslamalar bar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow