Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçilikleri görkezdi
Ykdysadyýet
Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçilikleri görkezdi
Çap edildi 14.03.2017
1770

Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol sergi katar hyzmatdaşlaryna döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürip bilýän gaýtadan işleýän pudaklaryň döwrebap düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. Syn ediş meýdançalarynda soňky ýyllarda et-süýt, gaplanan balyk önümleriniň we beýlekileriň täze görnüşleriniň 200-den gowragyny özleşdiren Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň önümçilik bölümleri derman serişdeleriniň önümleriniň uly sanawyny görkezdiler. Olaryň hatarynda bejeriş palçyklary, bejeriş häsiýetli fito-çaýlar bar. Türkmen halyçy gelin-gyzlaryň ajaýyp el işleri—zenanlaryň haly torbalary, many-mazmuny özünde jemleýän halylar, milli öwüşginli çeper bezelen sowgatlyklar we ençeme beýlekiler sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Dokma senagaty ministrligi jinsi, tüýjümek, trikotaž hem-de matalaryň beýleki görnüşlerinden, nah ýüplükden taýar önümleriň giň görnüşlerini görkezdi. Önümleriň arasynda “Aziýada-2017-niň” nyşany bolan önümler, hususan-da, oýunlaryň tumarynyň – Wepaly diýen alabaýyň şekilleri bolan sport egin-eşikler bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem bu ýerde özleriniň köpdürli harytlaryny çykaryp, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçiliklerini görkezdiler.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow