Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi
Ykdysadyýet
Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi
Çap edildi 19.03.2017
1903

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy bilen “Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny gurmak hakynda” kararyna laýyklykda gurluşygy tamamlanan desgany ulanmaga kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramak maksady bilen, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Kaliý duzlarynyň Garlyk känlerini işläp taýýarlamak we zawodyň çäklerinde kaliý duzuny çykarmak we baýlaşdyrmak boýunça desganyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň täze döwri bolup durýar. 2009-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda täze kärhananyň binýady tutuldy. Bu kärhanany şu ýylyň 31-nji martynda işe girizmek göz öňünde tutulýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde gurulýan toplum ýylda 1 million 400 muň tonna dökün öndürmäge niýetlenendir. Dökün öndürmek üçin iň ýokary kuwwatlylyga çykmak hem-de ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Magdanlar 200-den 100 müň metr aralyga çenli çuňlukda ýerleşýär. Ägirt uly täze desganyň infrastruktura meýdançalaryna getirilen ähli tehnologiýa enjamlary dünýä belli öndürijileriň iň täze önümleri bolup durýar. Türkmen ýaşlarynyň uly topary Garlyk toplumyny hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ugradyldy. Bilim alan hünärmenleriň aglabasy ýyllyk iş tejribesini APJ “Belaruskaliý” kärhanalarynda geçdiler hem-de ol ýerde şahta işlerinde işlediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýokary we ýoriteleşdirilen orta mekdeplerinde hem dag-magdan toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamaga başlanyldy. Täze ägirt uly senagat kärhanasy Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolup, ýokary hilli kaliý mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa Türkmenistanyň oba hojalygynyň “bol hasyl üçin ýokumly önümlere” bolan islegini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony dünýä bazaryna hem çykarmaga mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow