Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen hemrasy Owganystana öz telegepleşiklerini alyp görkezmäge mümkinçilik berýär
Ykdysadyýet
Türkmen hemrasy Owganystana öz telegepleşiklerini alyp görkezmäge mümkinçilik berýär
Çap edildi 23.03.2017
1642

Geostasionar orbitadaky Türkmenistanyň “TürkmenÄlem52oE” hemrasy diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerindäki däl, eýsem, Orta Aziýanyň beýleki döwletleriniň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýewropanyň döwletleriniň ulanyjylaryna köp görnüşli aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesini, şol sanda sanly teleradiogepleşiklerini, telefon aragatnaşygyny, wideomaslahat aragatnaşygyny, maglumatlary ibermegi, hemra Internetini hödürlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem52oE”-niň hemra transponderleriniň ýokary geçirijilik ukyby milli telewideniýäniň we radionyň ähli gepleşiklerini HD görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýär. Milli hemranyň hyzmatlaryndan Türkmenistanyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary üstünlikli peýdalanýarlar. “TürkmenÄlem52oE”-iň ýaýlymlarynyň (transponderlerini, segmentlerini) hemra hyzmatlaryny we kärendesini hödürlemek üçin “Türkmen Hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) döredildi. Häzirki wagtda ol ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär. Türkmen emeli hemrasynyň üsti bilen gaýtadan dikeldilýän doganlyk Owganystanyň üç teleýaýlymy öz gepleşiklerini, daşary ýurtlaryň 20-den gowrak teleýaýlymy bolsa synag tertibinde gepleşiklerini ýaýlyma berýär, olaryň şu ýylyň aprel aýynda täjirçilik esasynda işe başlamagy meýilleşdirilýär. ÝGPJ-niň gatnaşmagynda älem aragatnaşygynyň hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini – giň gerimli Internet hem-de aragatnaşygyň hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini hödürlemek üçin teleport enjamy gurnaldy. “TürkmenÄlem52oE” hemrasynyň kömegi bilen dag etraplarynda we Garagum çölünde ýerleşen alysdaky hem-de barylmagy kyn bolan şäherçeleri ykjam we geçirijili telefon aragatnaşygy bilen üpjün etmek mümkinçiligi peýda boldy.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow