Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşogzuň babadaýhanlary gowaça ekişine girişdiler
Ykdysadyýet
Daşogzuň babadaýhanlary gowaça ekişine girişdiler
Çap edildi 29.03.2017
1768

Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri gowaça ekişine girişdiler. Howa ýagdaýyna görä, bu ýerde ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki garanyňda ekiş biraz gijräk başlanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, möhüm möwsüme hormatly ýaşulularyň ak patasy bilen başlandy. Beýik Biribardan mähriban Watanymyza, halkymyza abadançylyk, gülläp ösüş, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerine rowaçlyk dileg edip, olar ilkinji tohumlary topraga taşladylar we mehanizatorlara orun berdiler. Daşoguzlylar bu möhüm möwsümi ýokary hilli we bellenilen möhletlerde geçirmegi maksat edinýärler. Munuň üçin meýdan işleriniň anyk we bökdençsiz alnyp barylmagy, degişli agrotehniki çäreleriň berjaý edilmegi, dürli görnüşli traktorlar, ekiş gurallary, bejergi enjamlary ýaly döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýola goýlar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şu ýyl 140 müň gektara gowaça ekiler. Babadaýhanlar şunça meýdandan 230 müň tonna “ak altyn” ýygnamaga borçlanýarlar. Welaýatyň kärendeçileri “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun” we “Gubadag-3” ýaly orta süýümli gowaça ekmegi meýilleşdirdiler.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow