Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen elektrik energiýasynyň öndürilişi 6 göterim ýokarlanyp, ekport edilişi 4 göterim artdy
Ykdysadyýet
Türkmen elektrik energiýasynyň öndürilişi 6 göterim ýokarlanyp, ekport edilişi 4 göterim artdy
Çap edildi 05.04.2017
2584

Türkmenistan şu ýylyň birinji çärýeginde elektrik energiýasynyň eksport edilişini artdyrdy. Pudagyň görkezijileri şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlaryndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanylan mejlisinde beýan edildi. Elektrik energetika ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer D. Amangeldiýewiň habar berşi ýaly, hasabat döwründe 6 milliard 237 million 295 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi, bu 2016-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,2 göterime deňdir. Şonuň 972 million 143 müň kilowat-sagat möçberi eksporta iberildi. Bu görkeziji boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104,1 göterime deň boldy. Türkmenistan elektrik energiýany Owganystana, Eýrana we Türkiýä iberýär.Gazanylan ylalaşyklaryň esasynda 2017-nji ýylda Türkmenistan Owganystana elektrik energiýanyň iberilişini 100 megawatdan 150 megawata çenli, 2018-nji ýylda bolsa 300 megawata çenli artdyrar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow