Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär
Ykdysadyýet
Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär
Çap edildi 20.04.2017
1763

Aşgabatda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça 2-nji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Türkmen tarapyndan forumyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine käbir ugurlar boýunça, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda we beýleki ugurlarda uzakmöhletleýin esasda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri girizildi. Maslahatyň barşynda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depgini, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy Koreýanyň işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligi nygtaldy. Myhmanlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda türkmen hyzmatdaşlaryny Koreýanyň esasy kompaniýalarynyň kuwwaty we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Ýokary tehnologiýalar babatda dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan Koreýa Respublikasynyň iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge hem-de Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet maksatnamalaryna we milli hem-de sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň ýurtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga goşant goşmaga meýli beýan edildi. Maslahatyň çäklerinde dürli derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek barada özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy hem-de olary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler bellenildi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow