Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde tebigy gazyň örän baý ýatagy açyldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde tebigy gazyň örän baý ýatagy açyldy
Çap edildi 05.05.2017
1868

Hazarýaka sebitinde ýerleşen Uzynada meýdanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri ýurdumyzda ilkinji gezek çuňlygy 7 müň 150 metre deň bolan guýunyň buraw işlerini tamamladylar. Geçirilen geofiziki barlaglaryň netijesinde, bu guýuda 6689-6695 metr aralyk özleşdirilende gazyň senagat akymy alyndy. Hünärmenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda guýynyň önüm berijiligi gije-gündizde 500 müň kub metr tebigy gaza we 150 tonna gaz kondensatyna barabardyr. Umuman, munuň özi Hazaryň kenarýaka zolagynyň we ýalpaklygynyň ägirt uly kuwwatyny tassyklaýar. Uglewodorod serişdeleriniň çykarýan möçberini artdyrmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna girýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow