Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini şu ýylyň dört aýynda 6 göterimden geçdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini şu ýylyň dört aýynda 6 göterimden geçdi
Çap edildi 12.05.2017
1857

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2017-nji ýylyň dört aýynda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 2,1 göterime, gurluşykda 4,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 10 göterime, oba hojalygynda 3,5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,7 göterime barabar boldy. Şu ýylyň dört aýynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta iberilýän önümleriň önümçiliginiň giňeldilmegine gönükdirilen karz serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,8 göterim artdy. Merkezleşdirilen hasaba alnan bank kartlarynyň sany şu ýylyň 1-nji maýyndaky ýagdaýa görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,7 esse, terminallaryň sany 2,4 esse, bankomatlaryň sany 1,9 esse artdy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow