Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 51 million dollaryna barabar eksport geleşikleri baglaşyldy
Ykdysadyýet
Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 51 million dollaryna barabar eksport geleşikleri baglaşyldy
Çap edildi 20.05.2017
1740

Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, buýan köki hem şiresi, ýod galamlary, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Bolgariýa, BAE, Türkiýe, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Hytaýdan, Beýik Britaniýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 225 müň manatlyga golaý bolan nah ýüplügi, hasa toplumlaryny, saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar. Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 756 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow