Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy
Çap edildi 27.05.2017
1775

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýe Respublikasyndan we Gazagystan Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, nebit koksuny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, jinsi önümleri, azyklyk bugdaý, arassalanan pagta ýagy, ýüplük we nah mata önümleri, dikeldilen süýüm, pagta süýümi, nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi. Bu önümleri Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 249 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 519 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow