Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda bugdaý hasylynyň dörtden bir bölegi ýygnaldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanda bugdaý hasylynyň dörtden bir bölegi ýygnaldy
Çap edildi 16.06.2017
2318

Türkmenistanyň ýer eýeleri 16-njy iýuna çenli bugdaý öndürmek boýunça döwlet buýurmasyny 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýew habar berdi. Orak möwsümi ýurdumyzyň bäş welaýatynyň dördüsinde 7-nji iýunda badalga aldy. Demirgazyk sebitiň gallaçylary bolsa bugdaý oragyna 14-nji iýunda goşuldylar. Möwsümiň başyndan bäri oba zähmetkeşleri jemi 400 müň tonna bugdaý ýygnadylar. Bugdaý oragy bilen bir wagtda meýdanlarda samanyň ýygnalmagy, ýerleriň sürülmegi hem-de aralyk ekinleriň ekilmegi amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki yssy howanyň galla oragynyň depginlerini artdyrmagy hem-de möwsümiň örän gysga wagtda ýokary hilli geçirilmegini talap edýändigini nygtady. Şu ýyl 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnap almak maksat edinilýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow