Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Merkezi banky we GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy Ähtnama gol çekdiler
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Merkezi banky we GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy Ähtnama gol çekdiler
Çap edildi 16.06.2017
1872

Berlinde Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Resminama maliýe ulgamyny berkitmek hem-de bank ulgamynyň hünärmenlerini okatmak babatda deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem gazna Halkara süýşürintgiler gününi geçirmekde hyzmatdaşdyr. Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we diňleýjileri hem-de ýurdumyzyň banklarynyň müşderileri bilelikdäki çäreleriň müşderileri bolup durýar. Bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk 2012-nji ýylda gaznanyň wekiliýetiniň ilkinji iş saparyndan başlady. Türkmenistanda bank hünärmeni hünäri boýunça okuw taslamasy TMB-niň we Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň üstünlikli gatnaşyklarynyň mysallarynyň biri bolup durýar. 2013-2017-nji ýyllarda şol taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň 400-den gowragy hünärini ýokarlandyrdy. 1992-nji ýylda döredilen gününden başlap, bu gazna dürli ýurtlarda maliýe edaralaryny hem-de kiçi we orta kärhanalary goldaýar. Häzirki wagtda Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy tarapyndan dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunda ösüş taslamalary amala aşyrylýar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow