Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede TDHÇB-nyň söwdalarynda ABŞ-nyň 32 million 186 müň dollaryndan gowrak möçberde geleşikler baglaşyldy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede TDHÇB-nyň söwdalarynda ABŞ-nyň 32 million 186 müň dollaryndan gowrak möçberde geleşikler baglaşyldy
Çap edildi 17.06.2017
1779

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle hem Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini, Russiýadan we Latwiýadan gelen işewür toparlaryň wekilleri tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna matalar we nah ýüplükler, dürli görnüşli trikotaž we tüýjümek önümler, azyklyk bugdaý, saryja goýunlaryň ýüňi, polipropilen haltalar ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, BAE, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 186 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 36 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 327 müň manatlykdan gowrak awtoulag we azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow