Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
BMG-niň bilermenleri Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda Türkmenistanyň ösüşine ýokary baha berýärler
Ykdysadyýet
BMG-niň bilermenleri Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda Türkmenistanyň ösüşine ýokary baha berýärler
Çap edildi 20.06.2017
1874

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Ol Durnukly ösüşiň maksatlarynyň durmuş görkezijilerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Munuň özi Durnukly ösüşiň maksatlarynyň (DÖM) monitoring ulgamy boýunça halkara bilermen Gereltui Altankhuangyň missiýasynyň çäklerinde guralýan duşuşyklaryň tapgyrlaryndan biri bolup, ol Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň DÖM-ni gazanmak işleri boýunça ýurdumyzdaky topary bilen maslahatlaşmak üçin iş sapary bilen geldi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy gün tertibini amala aşyrmak üçin halkara hukugyna görä döwletleriň borçnamalaryna laýyklykda ähli derejelerde toparlaýyn hereketlere toplumlaýyn çemeleşme zerur bolup durýar. Munuň özi ministrltkler we edaralar boýunça, şol sanda Statistika baradaky döwlet komiteti boýunça DÖM-ni gazanmakda ösüşe baha bermek üçin ölçegler ulgamynyň işlenip taýýarlanmagyny göz öňünde tutýar. Duşuşykda bar bolan statistika görkezijileriň auditi boýunça geçirilýän işleriň netijelerine, pudagara gatnaşyklaryň usullaryna hem-de Türkmenistanyň şertlerine uýganlaşdyrylan döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýan Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda jogapkär milli institutlar ulgamyny kämilleşdirmegiň ugurlaryna garaldy. Duşuşyga Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyň, Bilim ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. BMG tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF-niň, BSGG-niň hünärmenleri gatnaşdylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow