Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TNGIZT täze önümi - biosnougurly polipropilenden plýonkalary çykarmaga taýýarlanýar
Ykdysadyýet
TNGIZT täze önümi - biosnougurly polipropilenden plýonkalary çykarmaga taýýarlanýar
Çap edildi 22.06.2017
1864

Önümiň täze görnüşi bolan iki dürli (içi görünýän bir gatly hem-de soekstruzion, ýagny köp gatly) gaplaýjy plýonkalary çykarmagyň özleşdirilmegi Indoneziýanyň “P.T.Istana karang Laut” kompaniýasynyň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Bu kompaniýa kärhanada enjamy gurnady hem-de onda işe goýberiş-sazlaýyş işlerini geçirdi. Bu ýerde çykarylyp başlanjak polipropilen plýonkalary propilen plýonkalaryndan artykmaçlyga eýedir. Olar has berkdir, çünki olaryň üýtgeşik molekulýar düzümi bar. Soekstruzion plýonkalar özüniň gazböwetlikli häsiýetleri hem-de örän oňat ýylylyk döredijiligi bilen tapawutlanýar. Poliamidiň ýörite gatlagy bolsa ony doňdurylmaga niýetlenen harytlar üçin wakuum hem-de ýokary derejede berk gaplary taýýarlamakda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Gatlaklaryň arasyndaky plýonka bozulmaýan möhür basmak bolýar hem-de ony metallaşdyrmak mümkin. Ulanmaga girizilen biosnougurly polipropilen plýonkalary öndüriji desga zawodyň hünärmenlerine şu ýerdäki nebiti gaýtadan işleýän kärhanada öndürilýän polipropilenden bolan önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Zawodyň işgärleri ýerli çig maldan dürli görnüşli plýonkalaryň, şol sanda azyk önümlerini we senagat harytlaryny gaplamaga niýetlenen plýonkalaryň ýylda 21 müň tonna çenlisiniň taýýarlanylmagyny ýola goýýarlar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow