Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde gipsokarton çykarjak kärhana gurulýar
Ykdysadyýet
Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde gipsokarton çykarjak kärhana gurulýar
Çap edildi 22.06.2017
2658

Ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokartony çykarmaga niýetlenen bölümleri Magdanlyda bar bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer. Häzirki wagtda bu ýerde 8 gektar meýdanda otaglary bezemek üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasyny hem-de ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton çykarmaga niýetlenen hojalyk jemgyýetiniň önümçilik binýady döredilýär. Raýatlaryň alyp barýan gurluşygynda giňden peýdalanmaga niýetlenen önümleri çykarmak üçin häzirki zaman tehnologik enjamlar satyn alyndy. Türkmenistany gurşap alan depginli gurluşyklar dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmek üçin kuwwatly itergä öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde diýen ýaly, bu pudagyň täze desgalary bina edilýär we ozalky bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar. Senagatda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilikleri kemala getirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň amala aşyrylmagy bu ugruň ösdürilmegi üçin möhüm ýagdaýa öwrüldi. Ýerli çig maldan gipsokartonyň özümizde öndürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän ýene-de bir ugur bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň isleglerini köp derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow