Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň barşynda eýýäm 1 million tonna bugdaý ýygnaldy
Ykdysadyýet
Galla oragynyň barşynda eýýäm 1 million tonna bugdaý ýygnaldy
Çap edildi 26.06.2017
1832

Ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine bugdaýyň 1 million tonnasy gelip gowuşdy. . Bu üstünlik ekerançylaryň eziz Watanymyzyň harmanlaryna saýlama bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär. Galla oragy dowam edýär. Şu ýyl ýurdumyzyň galla meýdany 760 müň gektara deň boldy. Oba hojalyk ýerleriniň agramly bölegi bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri, hususan-da, “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Miras”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko” görnüşleri ekilip, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşdylar. Galla oragynda “John Deere”, “Case”, “New Holland”, “CLAAS” we beýleki kombaýnlaryň bir ýarym müňe golaýy işledilýär. Kabul ediş bölümlerine, şeýle hem ammarlara we elewatorlara dänäniň daşalmagyny Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük awtoulaglarynyň, 8 müň 700-den gowragy üpjün edýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow