Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçarlarynyň üsti täze “Boingler” bilen artýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçarlarynyň üsti täze “Boingler” bilen artýar
Çap edildi 28.06.2017
1947

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline “Boeing-737-800” kysymly täze ýolagçy howa ulagy gelip gondy. Ol şu tapgyrdaky howa gämileriniň üçünjisidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň satyn alynmagy üçin 2014-nji ýylyň aprelinde Amerikanyň ägirt uly awiagurluşyk kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. ABŞ-niň Sietl şäherinden köp sagatlyk uçuş “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarmanlary tarapyndan amala aşyryldy. Milli däplere laýyklykda, howa menzilinde ýaşuly nesliň wekilleri täze uçaryň gelmegi mynasybetli oňa ak un sepip, ak pata berdiler Gonmazdan 5660 kilometr aralygy geçmäge ukyply “Boeing-737-800” uçarlaryny Moskwa, Sankt-Peterburg, Ankara, Stambul, Deli, Dubaý, Kazan, Minsk, Almaty hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki şäherlerine ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda milli howa ulgamynyň tehniki binýady dünýä belli bu kysymlaryň “Boeing-757”, Boeing-737”, “Boeing-717”, şol sanda giň gabaraly, uzak aralyga uçýan “Boeing-767-300 ER” ýaly uçarlara eýedir. “Türkmenistanyň raýat awiasiasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän döwründe şeýle howa ulaglarynyň sany yzygiderli artdyrylar. Bu bolsa öz gezeginde Aşgabatdan Milana (Italiýa Respublikasy), Jidda (Saud Arabystany), Hoşimine (Wýetnam), Tährana (Eýran Yslam Respublikasy), Tbilisä (Gruziýa), Daşkende (Özbegistan Respublikasy) we beýlekilere meýilleşdirilýän täze howa gatnawlaryny açmaga mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow