Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň okuw merkezi açyldy
Ykdysadyýet
Aşgabatda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň okuw merkezi açyldy
Çap edildi 30.06.2017
2462

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň okuw merkezi Aşgabatda, Çoganly ýaşaýyş toplumynda açyldy. Ak mermerli binalar toplumy 3 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Ýurdumyzyň känlerinde işjeň ornaşdyrylýan innowasion enjamlary we tehnologiýalary çalt hem-de ýokary hilli özleşdirmek üçin bu ýerde hemme şertler döredildi. Merkezde bir wagtyň özünde 120 hünärmen hünär derejesini ýokarlandyryp biler. “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserni desganyň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş etdi, “Dowamat” Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri onuň taslamasyny düzdüler we kömekçi potratçylyk işlerini ýerine ýetirdiler. Innowasion okuw enjamlarynyň getirilmegini Koreýanyň “LG International Corp” kompaniýasy üpjün etdi. Üç gatly okuw binasynda okuw otaglarynyň ýedisi hem-de ýörite enjamlaşdyrylan barlaghanalaryň dördüsi ýerleşdirildi. Elektrotehniki barlaghanada her bir hünärmen üçin niýetlenen aýratyn diwarlyklar bar. Olar buraw desgalarynyň, guýularyň, turbageçirijileriň hem-de kompressor beketleriniň işini aýdyňlyk bilen görkezýär. Şeýle hem olar islendik ýagdaýy şöhlelendirmäge hem-de okuwlaryň çäklerinde has amatly çözgütleri tapmaga we şeýlelikde, döwrebap desgalaryň işlemeginiň has oňaýly ýagdaýlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Onuň golaýynda ýerleşen audiowizial barlaghana häzirki zaman aralykdan dolandyryş ulgamlarynyň işiniň ýagdaýyny içgin öwrenmäge, tehnologiki proseslere hem-de simsiz aragatnaşyk ulgamlarynyň işine gözegçilik etmäge ýardam berýär. Döwrebap diwarlyklar dürli önümçilik ýagdaýlaryny öwrenmäge, simsiz aragatnaşyk ulgamyny sazlaşdyrmaga hem-de olaryň bökdençsiz işini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 3D ulgamynyň hem-de “Seabery Soluciones” kompaniýasynyň önümi bolan ýörite abzallaryň kömegi bilen dürli enjamlaryň kebşirlenilişini görkezýän ýörite diwarlyklar bilen üpjün edilen okuw otaglary hem aýratyn täsir galdyrýar. Şeýlelikde, okuw otagynda işiň ähli tapgyrlary bilen baglanyşykly anyk ýagdaýlar döredilýär. Okuw merkezinde döwrebap buraw enjamlarynyň işini özleşdirmäge mümkinçilik berýän diwarlyklar hem bar. Kompýuter otaglary usulyýet taýýarlygy ýeňilleşdirýär. “Schlumberger” hyzmat ediş kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen otaglary hem bar. “Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda taslama işlerini ýerine ýetirmek boýunça çäreler öwreniler. Okuw binasynda şeýle hem maslahatlar zaly, naharhana, dynç alyş otaglary, okuwyň netijeli bolmagy hem-de mugallymlaryň işlemegi üçin ähli zatlar bar. Üsti aýna üçekli ajaýyp eýwan okuw binasynyň özboluşly bezegine öwrüldi. Onda oňaýly dynç alyş zolagy hem-de gyşky bag ýerleşýär. Umumy ýaşaýyş jaýynyň bäş gatly binasy hem ähli talaplara laýyklykda enjamlaşdyryldy. Kaşaň myhmanhana otaglaryndan birjik-de pes durmaýan umumy ýaşaýyş jaýynyň otaglary howa gözegçiligi ulgamlary, döwrebap we has oňaýly mebeller bilen üpjün edildi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow