Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly ösüş gazanylýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly ösüş gazanylýar
Çap edildi 07.07.2017
2092

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oňat ösüş derejesi gazanyldy. Bu barada ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde aýdyldy. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça has oňat görkezijiler gazanyldy. -- seredilýän döwürde awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 120 göterime ýetirildi. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde 121 we 110 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, pudak üçin häzirki zaman tehnikasy satyn alynýar. “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ygtyýaryna “Boeing-737-800” uçarlarynyň ikisi gelip gowuşdy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnama 181 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy dolanyşygy boýunça ösüş depgini 128 göterime deň boldy. 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türkmen aragatnaşykçylary 226 müň telefon nokadyny, şol sanda 211 müň öýjükli hem-de 15 müň ýerli telefon belgilerini gurnadylar, şunda meýilnama 186 göterim berjaý edildi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow