Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TOPH gazgeçirijisiniň gurluşyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar
Ykdysadyýet
TOPH gazgeçirijisiniň gurluşyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar
Çap edildi 07.07.2017
1944

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy, gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat berdi. Şeýle wise-premýer “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada durup geçdi. Şu ýylyň alty aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasy 105,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilişiniň möçberleriniň ösüş depgini 103,2 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awtomobil benzininiň önümçiligi boýunça meýilnama 105,1 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişi 106,2 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 112,9 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 123,4 göterim ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň möçberleriniň, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow