Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň DHÇMB-da geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 89 million 728 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň DHÇMB-da geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 89 million 728 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 08.07.2017
1833

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy we uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny, ýangyç mazutyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümi bolan tehniki uglerod we hlorly kaliý ABŞ-nyň hem-de Türkiýäniň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Russiýadan we Türkiýeden gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, hojalyk pamygy, dokma galyndylary ýerlenildi.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 89 million 728 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 million 520 müň manatlyk TNGIZT-de öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow