Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy
Çap edildi 23.07.2017
1779

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen tehniki uglerody we ýody satyn aldy. Türkiýeden gelen telekeçiler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Ermenistandan gelen telekeçiler azyklyk bugdaýy, nah ýüplükleri, aşgarlanmadyk flanel matasyny, egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryndan gowrak boldy. Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 1 million 323 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow