Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇB-da nebit önümleri, tehniki ýod we dokma önümleri esasy eksport harytlary boldy
Ykdysadyýet
TDHÇB-da nebit önümleri, tehniki ýod we dokma önümleri esasy eksport harytlary boldy
Çap edildi 05.08.2017
1910

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awiasiýa we yşyklandyryjy kerosini, awtobenzini, şeýle hem tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt walýutasyna boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, hasa görnüşli matalary hem-de egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million 388 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 819 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow