Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen ekerançylary güýzlük bugdaý ekişine 23-nji awgustda girişerler
Ykdysadyýet
Türkmen ekerançylary güýzlük bugdaý ekişine 23-nji awgustda girişerler
Çap edildi 18.08.2017
1971

Türkmenistanyň ekerançylary şu ýylyň 23-nji awgustynda bugdaý ekişine girişerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde şeýle görkezme berdi. Häzir gallaçy kärendeçiler üçin möhüm möwsüm başlanýar. Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişine girişilmegine az wagtyň galandygyny belläp, geljekki bol hasylyň girewi bolan bu möhüm möwsümi ýokary hilli, bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 23-nji awgustda bugdaý ekişine girişmek barada ak pata berip, asylly däbe görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda başlanmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz “Ýere sepen her bir dänäňiz müň bolsun!” diýip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow