Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň özgerdilişini çaltlandyrmagy talap etdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň özgerdilişini çaltlandyrmagy talap etdi
Çap edildi 31.08.2017
1895

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini işjeňleşdirmegi talap edtdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýewe ýurdumyzyň oba senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna degişli birnäçe düýpli kemçilikleri aýtdy. Döwletimiz oba hojalygyna hemme taraplaýyn goldaw berip, mineral dökünler, ekin üçin suw, döwrebap tehnikalar, tohumlar we beýleki serişdeler bilen doly möçberde üpjün edýär, emma oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy pes bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýolbaşçylaryna obada bazar gatnaşyklarynyň kemala getirilmegine, oba senagat toplumyny ylmy esasda ösdürmäge, eksportyň artdyrylmagyna hem-de oba hojalyk önümleriniň importynyň azaldylmagyna degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow