Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
Ykdysadyýet
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
Çap edildi 06.09.2017
1833

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Bu ýerde hemişe bolşy ýaly, howa şertlerine görä, ýygym möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz gijräk badalga alýar. Ýurdymyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektar ýeri eýeleýän gowaça meýdanlaryndan “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary orta süýümli gowaçanyň ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan “Daşoguz-120”, “Serdar”, C-4727”, Daşoguz-114”, “Jeýhun” we “Gubadag-3” ýaly sortlaryny ileri tutýarlar. Häzirki zaman oba hojalyk tehnikasy pagta ýygymynyň takyk, bökdençsiz iş depginini üpjün eder. Gowaça meýdanlaryna ýokary öndürijilikli “Jon Dir” we “Keýs” kombaýnlary çykaryldy, pagtany daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglarynyň we tirkegli traktorlaryň uly toplumy işe girizildi.Kabul ediş bölümleri we pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündizleýin işledilmegine doly taýýar edildi. Olaryň ýanynda ýerleşýän, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylan çig malyň hilini barlaýarlar. Ýygymyň başlanmagy mynasybetli bolan dabaralara welaýat we etrap häkimleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançy alymlar, tejribeli agranomlar, kombaýnçylar, sürüjiler hem-de pagtaçy-kärendeçiler gatnaşdylar. Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we welaýatyň oba hojalyk toplumynda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatyň aýdym-saz we tans-folklor toparlary täsirli konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Sportyň milli görnüşleri boýunça guralan däp bolan ýaryşlar hem baýramçylyga gatnaşyjylarda uly gyzyklama döretdi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow