Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegini tamamlady
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegini tamamlady
Çap edildi 08.09.2017
1949

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge taýýarlyk görülişini tamamlady. Bu barada hökümetiň mejlisinde bu ugra gözegçilik edýän wise-premýer M. Babaýew habar berdi. Ýurdumyz boýunça 930 müň 210 hojalyk hem-de 5 müň 424 senagat we durmuş maksatly kärhana şertnamalaýyn esasda tebigy gaz bilen üpjün edilýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri gaz geçiriji ulgamlaryň we gaz paýlaýjy desgalaryň, ýokary, orta hem-de pes basyşly gaz geçirijileriň talaba laýyk işlemegini üpjün etmek boýunça barlag, arassalamak we abatlamak işlerini berjaý etdiler. Ýurdumyzyň ilatly ýerleri tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýär. Täze hojalyklarda hem-de ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça işler netijeli ýerine ýetirilýär. Edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we hassahanalarda gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna we ondan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazy aýawly we rejeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz önümçilik hem-de durmuş ulgamlaryna döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary we “mawy ýangyjy” sarp etmegiň halkara ölçeglerine kybap hasabat ulgamyny ornaşdyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow