Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň “EKSPO-2017”-ä gatnaşmagynyň netijeleri jemlenildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň “EKSPO-2017”-ä gatnaşmagynyň netijeleri jemlenildi
Çap edildi 08.09.2017
1948

10-njy sentýabrda işini tamamlaýan “Astana EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň netijeleri jemlenildi. Bu barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow habar berdi. Energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ylmy işläp taýýarlamalar we innowasion taslamalar serginiň esasyny düzdi. Türkmen bölüminde V Aziýada uly orun berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli sergisine gelen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerinden ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de ýurdumyz bilen energetika pudagynda, senagatda, nebitgaz ulgamynda, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli teklipler gelip gowuşdy. Türkmen halkynyň taryhy, milli we tebigy baýlyklary barada gürrüň berýän gymmatlyklar hem-de ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagy baradaky maglumatlar sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň “EKSPO-2017” -ä gatnaşmagynyň baş maksadynyň gazanylýan üstünlikleri görkezmekden ybarat bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, şeýle forumlar täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli pudaklarda tejribe alyşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär. Türkmen Lideri daşary ýurt kompaniýalaryndan gelip gowşan teklipleri öwrenmegi hem-de olary daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak işinde peýdalanmagy tabşyrdy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow