Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy
Çap edildi 10.09.2017
1933

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakumly gazoýly satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Singapur. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 685 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerden we beýlekilerden gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 228 müň manatlykdan gowrak saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 507 müň manatlyk azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow