Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan “TOPH” gaçgeçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar
Ykdysadyýet
Türkmenistan “TOPH” gaçgeçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar
Çap edildi 15.09.2017
1898

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň türkmen böleginde işler alnyp barylýar. Bu ugurda “TAPI Pipeline Сompany Limited” paýdarlar kompaniýasy tarapyndan tehniki maslahatçy—Germaniýanyň “ ILF Beratende Ingeniure GmbH” hem-de hukuk maslahatçy—Beýik Britaniýanyň “Allen and Overy LLP” kompaniýalary bilen bilelikde gaz geçirijiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçjek böleginiň gurluşygyna başlanmaly döwre çenli durmuşa geçirilmeli çäreleriň deslapky tapgyrlary kesgitlenildi. Hususan-da, gaz geçirijiniň degişli böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň başynda girişmek hem-de 2019-njy ýylda tebigy gazy akdyryp başlamak maksady bilen, dürli göwrümli enjamlary we turbalary satyn almak üçin halkara bäsleşigini sentýabr aýynyň aýagyna çenli geçirmek meýilleşdirildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň ugrunda guruljak gaz gysyjy beketleriň we beýleki ugurdaş desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir sebit üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem ol ählumumy energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow