Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar
Ykdysadyýet
“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar
Çap edildi 26.09.2017
2083

Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda bu göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň örän gysga wagtda häzirki amala aşyrylyşy taraplaryň ikisiniň hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy maksat edinýändigine şaýatlyk edýär. Aşgabat-Ýerewan göni gatnawyň açylmagy bilen, Türkmenistanyň milli howa ulgamy Kawkaz sebitiniň ugruna tarap öz ulag-üstaşyr mümkinçiligini artdyrdy. Ýaýbaňlandyrylan gatnaw ulgamynyň kemala getirilmegi dowam edýär we ýakyn wagtda oňa täze sebit we sebitara ugurlar goşular. Türkmen howa ugurlary halkara uçuşlarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Munuň özi dünýäniň belli öndürijileriniň iň täze howa tehnikalaryny getirmegiň hasabyna raýat awiasiýasynyň tehnikalar ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny alyp baryp, netijeli peýdalanýan dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň köprüsini gurmaga ýardam berýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow