Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan halk hojalygy üçin KAMAZ awtoulaglarynyň 250-sini satyn alar
Ykdysadyýet
Türkmenistan halk hojalygy üçin KAMAZ awtoulaglarynyň 250-sini satyn alar
Çap edildi 29.09.2017
1935

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi ýük göterijiligi 20 tonna bolan “KAMAZ-6520” kysymly awtoulaglaryň 250 –sini satyn almagy meýilleşdirilýär. Degişli kararyň taslamasyny taýýarlamak barada mejlisde wise-premýer B.Annameredow hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr we serişde mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň şerti bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen alnyp barylýan döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, degişli Karara gol çekdi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow