Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Statistika baradaky döwlet komiteti: milli ykdysadyýet önümçiligiň durnukly ösüşini görkezýär
Ykdysadyýet
Statistika baradaky döwlet komiteti: milli ykdysadyýet önümçiligiň durnukly ösüşini görkezýär
Çap edildi 05.10.2017
2223

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda 2017-nji ýylyň dokuz aýynda pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli aptdy. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň 9 aýynda tebigy gazyň çykarylyşynyň artyş depgini 7,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji benziniň we dizel ýangyjynyň öndürilişinde 0,2 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişinde 1,9 göterime, demir önümleriniň öndürilişinde 5,1 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişinde 4,8 göterime, nah matalaryň öndürilişinde 10,2 göterime, eýlenen deri babatda 6,3 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişinde 9,4 göterime deň boldy. Şonuň ýaly-da, azyk senagatynyň möhüm pudaklary boýunça durnukly ösüş gazanylýar. Oba hojalygynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök önümleriň öndürilişiniň 1,1 göterim, bakjanyň öndürilişiniň 8,2 göterim, ýeralmanyň öndürilişiniň 1,7 göterim, miweleriň öndürilişiniň 1 göterim artdy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 12 göterim, ýolagçy dolanyşygy 3,9 göterim artdy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow