Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi
Çap edildi 05.10.2017
2167

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dokuz ýynda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi. Bu barada Hökümetde gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, hasabat döwründe bahasy 4 milliard 584 million 300 müň amerikan dollaryna barabar bolan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 927-si ulanmaga berildi. Meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Şu döwürde 1,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Täze gurlan binalaryň hatarynda myhmanhanalar we şypahana toplumlary, Aşgabat şäherinde gurlan üniwersitetleriň binalary, lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary we beýlekiler bar. Ýylyň ahyryna çenli iri desgalaryň 338-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow