Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak söwdalar edildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak söwdalar edildi
Çap edildi 21.10.2017
1858

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we başga ýurtlardan gelen telekeçiler awtoulag benzinini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen parafin gaçy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dokma senagatynyň dürli görnüşli önümleri, maşyngurluşyk enjamlary, nah ýüplük we matalar, pagta süýümi, buýan köki, arassalanylan nah ýüplük galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 523 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy, pagta lintini we ulýugy satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow