Sport
18.03 2015
Wengriýanyň paýtagtynda tamamlanan küşt boýunça “First Saturday” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar örän ýokary netije görkezip, medallaryň ähli görnüşlerine: halkara ussatlarynyň toparynda altyn we kümüş, halkara grossmeýsterleriniň toparynda bolsa kümüş medallara mynasyp boldular. Biziň ildeşlerimiz bu üstünlikleri nusgawy görnüşinde geçirilen ýaryşlarda eýe boldular, onda bir küşt bäsdeşligine her göçümden soň 30 sekunt goşmak bilen 1,5 sagat wagt berilýär.
13.03 2015
Şu günler Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde küşt boýunça däbe öwrülen “First Saturday” halkara ýaryşy geçirilýär. Onda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. “Rapid” bäsleşiginde ildeşlerimiz 2 altyn we 1 kümüş medal gazandylar. Bu görkeziji ýaryşa gatnaşýan ähli toparlaryň arasynda ýokary netijedir.
11.03 2015
Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň «Ahal» we Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň arasynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda «S» toparynda ikinji tapgyryň duşuşygy geçirildi.
09.03 2015
Ýokary ligadaky toparlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyry tamamlandy.
09.03 2015
Mogilew şäherinde (Belarus Respublikasy) 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda akrobatika boýunça geçirilen “Kinder Surprise” atly 10-njy halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki kümüş medal gazandylar. Ildeşlerimiz jübütleýin toparda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.
05.03 2015
Paýtagtymyzdaky täze Küşt-şaşka mekdebi öz binasynda ilkinji milli ýaryşlary kabul etdi. Bu ýerde bir wagtyň özünde 10, 12,16 we 18 ýaşa çenli toparlarda küşt boýunça Türkmenistanyň 4 sany ýaryşlary geçirildi. Intellektual bäsleşikler ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisinden we Aşgabat şäherinden küştçüleriň 150-ä golaýyny ýygnady.
05.03 2015
Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda HTTU — “Balkanyň” duşuşygyndan ýokary liga toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 23-nji çempionaty badalga aldy.
02.03 2015
Netanýa, 2-nji mart (TDH). Şu gün Ysraýylyň Netanýa şäherinde tamamlanan adaty karate boýunça halkara ýaryşynda biziň ildeşlerimiz jemi ýedi medala – 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Bu bäsleşiklere 7 ýurtdan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.
01.03 2015
Geçen dynç alyş günleri 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda “Türkmen bahary — 2015” ady bilen sport tansy hem-de zähmet toparlarynyň arasynda dzýudo we ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryşlary görkezmek bolar.
23.02 2015
Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýeňil atletika boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebinde uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş türgenleriň 100-e golaýyny ýygnady.
46 sahypa
Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi