01.03
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we hazarýaka döwletleriniň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 5-16-njy marty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Ummanlar instituty bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatyny geçirmek bellenildi.
28.02
2018
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 25-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň çäklerinde giňden ýaýbaňlanan taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry tamamlandy.
23.02
2018
Taryhy wakanyň öňüsyrasynda--Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň öňýanynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy. Täze şaýy pullar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “Royal Mint” zikgehanasynda ýasaldy.
22.02
2018
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça saýlaw möwsüminiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Häzirki wagtda bellige almak dowam edýär we dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy.
15.02
2018
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Aşgabat häzirki zaman uly şäherine öwrülmek bilen, sebitde we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär.
14.02
2018
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär.
12.02
2018
“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, bu neşir giň okyjylar köpçüligine ýurdumyzyň şähergurluşygy ulgamynda täze taslamalary we meýilleri beýan edýär, taslama düzmek, inžener-gurluşyk tehnologiýalary, desgalaryň seýsmiki howpsuzlygy, tebigat dizaýny işleri boýunça meseleleri şöhlelendirýär.
09.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat- kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybarat bolmalydyr.
04.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günüdigine garamazdan, Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, milli atçylygy ösdürmegiň, köpçülikleýin sporty wagyz etmegiň hem-de öňde boljak möhüm sport wakalaryna taýýarlyk görmegiň meselelerine üns berdi.
02.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.