31.01
2018
Wekilbazar etrabynyň merkezinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Medeniýe oýüniň töwereginde ak öýler dikildi hem-de baýramçylyk tagamlary taýýarlanyldy, bu etraba ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrunda yglan edilen bäsleşigiň ýeňiji hökmünde dabaraly ýagdaýda mynasyp bolan sylagy – ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuryldy.
30.01
2018
Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Ony AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi “Suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly GIZ Sebit Maksatnamasy hem-de Merkezi Aziýadaky Sebit ekologiýa merkezi bilen bilelikde guradylar.
27.01
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlsiniň we birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
23.01
2018
Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
22.01
2018
Goranmak ministrligi tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem harby gullukçylaryň edebiýat başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen neşir edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
20.01
2018
Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde ""Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň"" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 20 orunlyk çaga dogrulýan bölümiň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
19.01
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güniniň baýramyny birleşdirmek baradaky teklibi goldady.
18.01
2018
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda umumy mejlis geçirildi. Onuň gün tertibinde guramaçylyk meselesine garaldy.
Mejlisde M. Aşyrbaýewiň dynç alşa gitmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyryp, ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edildi.
18.01
2018
Türkmenistan—möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda. Bu saýlawlar 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler.
17.01
2018
Ak bugdaý etrabynda 10 gektar meýdany bolan bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi. Onuň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.