13.03
2017
Aşgabadyň Halkara newrologiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Simens A.G.” kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu maslahat iki gün dowam eder.
11.03
2017
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
11.03
2017
“Türkmenatlary” Döwlet birleşiginde ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we ahalteke bedewlerini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Oňa pudagyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, belli atşynaslar, çapyksuwarlar we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
10.03
2017
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi açylmaga taýýar edildi.
08.03
2017
Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir diýlip aýdylýar. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toy aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär.
08.03
2017
Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi joşgunly baharyň gül açýan – tebigatyň lälezar görnüşe dolup, dag-derelerimiziň gül-güläleklere beslenýän, Hydyr gören çöllerimiziň heýjana gelip, kalplarymyzy joşa getirýän ajaýyp paslynda dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
08.03
2017
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanylan dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler sarpalanyldy.
07.03
2017
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlaryna ajaýyp sowgat boldy.
07.03
2017
Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi, olara Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly atlara mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.
06.03
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Orta Aziýanyň iň uly derýasynyň üstünden gurlan Türkmenabat-Farap täze awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyş dabarasynyň öň ýanynda çap edilen neşir “Türkmenistan geljege – dostluk we ösüş köprülerini gurýar” diýlip atlandyrylýar.