Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
30.04 2015
Kelete, 30-njy aprel (TDH). Şu gün “Kelete” okuw türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde ot atyş taýýarlygyny geçen, söweşjeň taýýarlykda aýratyn tapawutlanan mergen harby gullukçylar gatnaşdylar. Olar bu gün söweşjeň taýýarlyklarynyň ýokarydygyny görkezmegi öz öňlerinde maksat edindiler.
29.04 2015
Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de ýerli we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermekde halkara ölçegleri hem-de milli tejribe” atly iki günlük maslahat öz işine başlady.
27.04 2015
Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Bitarap Türkmenistan—parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýady” ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmen döwlet uniwersiteti bilelikde gurady.
24.04 2015
Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanylyp geçirilen halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.
23.04 2015
Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty açyldy.
22.04 2015
Änew, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Ahal welaýatynyň häkimligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy.
21.04 2015
Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň we ÝHHG-nyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagynda saýlaw işiniň hukuk esaslaryna bagyşlanan maslahat öz işine başlady.
21.04 2015
Lançžou, 21-nji aprel (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň merkezinde, Lançžou Ulag uniwersitetinde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ulag-üstaşyr gatnawlary diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly wekilçilikli forum boldy.
20.04 2015
Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň bäşýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlandy.
20.04 2015
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň Minskide geçirilen nazary mehanika boýunça IX Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň netijelidigine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň wekilleriniň arasyndaky dartgynly geçen toparlaýyn ýaryşlaryň netijesinde biziň ýaş watandaşlarymyz ikinji orny eýelediler.
170 sahypa
Soňky habarlar
19.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
19.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa