Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
06.07 2023

29-njy iýunda ýurdumyzda şu ýylyň möhüm taryhy wakalarynyň biri bolan täze, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi.

06.07 2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gönüden-göni miwesi bolan «Arkadagly Ýaşlar» atly çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnalynyň 6-njy sany okyjylara ýetirildi.

03.07 2023

Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

01.07 2023

Şu gün Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatyň gün tertibine atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

01.07 2023

Şu gün Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara ylmy maslahat bu täsin “akylly” şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi.

30.06 2023

Şu gün Arkadag şäherinde “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy mynasybetli möhüm çäreleriň birine öwrülen bu iri forum Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

30.06 2023

Şu gün Arkadag şäherinde ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Duşuşyga Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistanyň birnäçe edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

29.06 2023

Şu gün Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Döwlet ähmiýetli şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bilen belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.

29.06 2023

Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäher ─ Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ekologiki ülňülerine laýyk gelýän hem-de sanly tehnologiýalar esasynda işleýän şäher ulaglary hyzmat eder.

29.06 2023

“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary “Smart-сity” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr.

166 sahypa
Soňky habarlar
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy