Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
26.04 2020
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.
25.04 2020
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.
24.04 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi.
24.04 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy.
24.04 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.
23.04 2020
Şeýle hem şol gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.
23.04 2020
Şu gün Milli bilim institutynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy boldy.
23.04 2020
Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, olara Hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
23.04 2020
Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy.
22.04 2020
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň baş direktory hanym Monik Elua bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
170 sahypa
Soňky habarlar
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY