07.04
2020
1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar.
02.04
2020
Goranmak ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmeleriniň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär.
01.04
2020
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi, onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
01.04
2020
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.
29.03
2020
Şu gün, dynç güni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy.
25.03
2020
Türkmenistan daşary ýurtlarda, ozaly bilen, täze koronawirus epidemiýasy ýaýran ýurtlardan öz raýatlaryny, şol sanda dünýäniň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary hem uçarlar arkaly getirmegi guramak boýunça işleri dowam edýär.
15.03
2020
Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.
15.03
2020
Türkmenlerde geleniň gözi düşer ýaly ýerde – howluly jaýlaryň derwezesiniň üstünde we daragtlardan alaja bilen daňylan dermanlyk ot – ýüzärlik asyp goýmak däbi bar. Halk arasynda bu ot öýe şowlulyk getirýär diýen ynanç bar.
13.03
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 13-nji martda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler.
13.03
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 13-nji martda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler.