10.02 2025

Şu gün Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

10.02 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç hatyny kabul etdi.

10.02 2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ösüp barýan ýaş nesiller üçin ynsanperwerligiň beýik nusgasy hökmünde hereket edýär.

10.02 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

09.02 2025

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir ajaýyp sahypa bolup ýazyldy. 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän giň gerimli meýilnamalaryň, uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.

08.02 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

07.02 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.  

07.02 2025

Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik.

07.02 2025

Bahar Hojamuradowna Seýidowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasàry wezipesine bellemeli.

07.02 2025

Si­zi «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­me­gi hem-de et­ra­byň hä­kim­li­gi­niň 1 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

1465 sahypa
Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär